Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ýygnaklara näme üçin barmaly?

Ýygnaklara näme üçin barmaly?

 Ýehowanyň Şaýatlary Hudaý barada öwrenmek üçin hepdede iki gezek ýygnanyşýarlar. Olaryň ýygnanyşýan ýerine Ýygnak jaýy diýilýär. Ol ýerde nämeler bolýar we ýygnaklaryň saňa nähili peýdasy bar?

 Ýygnak jaýynda nämeler bolýar?

 Ýygnak jaýlarynda Mukaddes Kitaba esaslanan bilim berilýär. Ol ýerde sen...

  •   Hudaý barada dogry zatlary öwrenip bilýärsiň.

  •   häzirki bolýan wakalaryň näme aňladýandygyna gowy düşünip bilýärsiň.

  •   gowy häsiýetleri öwrenýärsiň.

  •    gowy dostlary, joralary tapýarsyň.

 Bilýäňizmi? Ýygnaklarda, esasanam, Hudaýyň Patyşalygy barada köp öwredilýär (Matta 6:9, 10; 24:14; Luka 4:43).

 Ýygnaklara näme üçin barmaly?

 Ýygnakda berilýän bilim. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary esasynda berilýän bilim akyldar bolmaga kömek edýär (Nakyllar 4:5). Akyldar bolsaň durmuşda ýalňyşmaýarsyň, gelen kararlaryňa ökünmeýärsiň. Şeýle-de wajyp soraglaryň jogabyny tapyp bilýärsiň:

 Ýygnakda her hepde şuňa meňzeş nutuklar bolýar.

  •   Mukaddes Kitapdaky maslahatlara näme üçin gulak asmaly?

  •   Kyn günde biz kimden kömek soramaly?

  •   Hudaý häzir Patyşalygy arkaly biziň üçin näme edýär?

 «Bir gezek klasdaşym ýygnaga geldi. Ony ýanymyzda oturdyp, kitabymyzdan bile yzarladyk. Ýygnak gutaransoň, ol berilýän jogaplara haýran galandygyny we öz gatnaýan buthanasynda biziňki ýaly öwredilmeýändigini aýtdy» (Brenda).

 Bilýäňizmi? Ýygnak jaýynda hiç kimden pul alynmaýar.

 Ýygnaga gelýänler. Mukaddes Kitapda Ýehowa gulluk edýän adamlaryň ýygnanyşyp, biri-birini ruhlandyrmalydygy aýdylýar (Ýewreýler 10:24, 25). Şu wagt köp adamlar diňe özüni bilýär. Ýöne Hudaýa we birek-birege hormat goýýan adamlaryň arasynda bolmak örän ýakymly.

 «Uzynly gün işläp, öýe ýadaw gelýärsiň, keýpiňem bolmaýar. Ýöne Ýygnak jaýyna baranymda, bar ýadawlygym zym-zyýat bolýar. Ýygnakdan soň öýe begenip gaýdýan we ertirki güne güýç toplaýaryn» (Elisa).

 Bilýäňizmi? Tutuş dünýäde Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklary 120 000-den geçýär. Şeýle-de 60 000-den köpräk Ýygnak jaýlary bar. Ýygnaga gitdigiçe köp adam gelensoň, her ýyl ortaça 1 500-e golaý Ýygnak jaýyny gurmaly bolýar a.

a Ýaşaýan ýeriňize golaý Ýygnak jaýyny tapmak üçin jw.org saýtyndaky «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklary» diýen sahypa girip, «Özüňize golaý ýeri tapyň» diýen ýere basyň.