ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Maňa azar berseler näme?
Şeýle-de deň-duşlaryň we mugallymyň berýän maslahatyny oka hem-de « Sen nähili pikir edýärsiň?» diýen çarçuwany özleşdir.
Azar berilmeklige sowuk-sala garamaly däl. Britaniýada geçirilen bir barlagda, esasan-da, ýerli habar beriş serişdelerinde aýdylmagyna görä, janyna kast eden ýetginjekleriň 40 göterimi muny azar berilýändigi üçin etdiler.
Oňa nämeler degişli?
Azar bermek diýlende, diňe bir urlup-ýenjilmek göz öňünde tutulmaýar. Oňa şu aşakdakylar hem degişli.
Söz bilen hüjüm edýärler. «Synpdaşlarymyň maňa dakan atlary we diýen sözleri ömürem ýadymdan çykmaz. Olar sebäpli men özümi dereksiz we hiç kime gerek däl ýaly duýýardym. Gaýtam, meni uran bolsalar gowy bolardy». Selina, 20 ýaşynda
Aralaryna sygdyrmaýarlar. «Synpdaşlarym meni ýekeleýärdiler. Arakesmede olar bilen naharlanjak bolanymda bolsa, meni aralaryna sygdyrmaýardylar. Men tutuş bir ýylymy aglap geçirdim, ýeke özüm aýlanyp ýörýärdim». Heýli, 18 ýaşynda
Sen hakda ýalan zatlary ýaýradýarlar. «Kompýuteriň bary-ýogy birki düwmesine basyp, adamyň bar abraýyny ýele sowrup, hatda ömrüni-de kül edip bolýar. Bu ulaldylyp aýdylan ýaly bolup görünse-de, durmuşda şeýle ýagdaýlar bolýar». Daniýel, 14 ýaşynda
Adamlar başgalara näme üçin azar berýärler?
Munuň birnäçe sebäpleri bar.
Olaryň özlerine-de azar berlipdi. Antoniýa atly ýetginjek oglan şeýle diýýär: «Men deň-duşlarym tarapyndan şeýle köp ejir çekdim welin, özüme ynamymy artdyrmak üçin başgalara azar berip başladym. Soňra näme edýändigim barada oýlananymda, eden hereketimiň nädogrudygyna düşündim».
Erbet täsire düşýärler. Jeý Makgrou kitabynda şeýle ýazýar: «Köplenç ýaşlar ene-atasynyň, uly dogan-uýalarynyň we başga-da maşgala agzalarynyň erbet göreldesine eýerýärler» («Life Strategies for Dealing With Bullies»).
Olar özlerine göwni ýetýändir öýtse-de, aslynda, özlerine ynamy ýok. Barbara Koloroso kitabynda şeýle diýýär: «Çagalar başgalara azar berip, özleriniň artykmaçlygyny görkezjek bolýarlar. Aslyýetinde bolsa, olar içki duýgularyny we özlerine bolan ynamsyzlygyny gizlemäge çalyşýarlar» («The Bully, the Bullied, and the Bystander»).
Köplenç nähili adamlara azar berýärler?
Ýeke gezýänlere. Köplenç başgalara goşulyp bilmän, ýeke gezýän ýetginjeklere azar berýärler.
Köpçülikden tapawutlanýan ýaşlara. Adatça, daş keşbi, milleti, dini ynançlary başgalardan tapawutlanýan, hatda bir ýeri şikesli bolan ýaşlara azar berýärler.
Özüne ynamy bolmadyk ýaşlara. Başgalara azar berýänler özüne ynamy bolmadyk ýetginjekleri derrew bilýärler. Köplenç şeýle ýetginjekler gaýtawul bermeýändikleri üçin aňsatlyk bilen olaryň eline düşýär.
Saňa azar berenlerinde näme edersiň?
Üns berme. «Azar berýän adamlar maksadyna ýetendigini biljek bolýarlar. Eger olara üns bermeseň, seni günüňe goýarlar» diýip, Kaýli atly gyz aýdýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldar adam gaharyny saklap, oňa basalyk edýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 29:11).
Ar aljak bolma. Sen ar aljak bolsaň, ýagdaýy öňküdenem beterleşdirersiň. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň» diýilýär (Rimliler 12:17; Süleýmanyň tymsallary 24:19).
Howply ýagdaýlardan daşda dur. Mümkin boldugyndan, azar berýän adamlardan we kynçylyk döredip biljek ýagdaýlardan gaça dur (Süleýmanyň tymsallary 22:3).
Ýumşak jogap bermäge çalyş. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:1).
Oýna sal. Meselem, saňa «çişik» diýýän bolsalar, «pökgüje bolsaň, näme armanyň bar» diýip bilersiň.
Hiç zat diýme-de, git. 19 ýaşly Nora şeýle diýýär: «Hiç zat diýmeseň, bu seniň olara garanyňda, akylly-başlydygyňy, güýçlüdigiňi we özüňe erk edip bilýändigiňi görkezýär».
Özüňe bolan ynamyňy artdyr. Rita şeýle diýýär: «Olar seniň sabyr käsäň dolandygyny duýsalar, ýagdaýdan hökman peýdalanarlar».
Birine gürrüň ber. Bir geçirilen barlaga görä, Internet arkaly zyýan ýetirilen ýaşlaryň köpüsi (esasanam, oglanlar) utanjyndan ýa-da ar alynmakdan gorkup, muny hiç kime gürrüň bermeýärler. Ýadyňda bolsun, dymsaň, azar berýänleriň güni geler. Emma birine gürrüň berseň, beladan sowulmak üçin ilkinji ädimi ätdigiň bolar.