ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Duşuşmak. 1-nji bölüm: Men duşuşmaga taýynmy?
Şu makalada:
Duşuşmak näme?
Käbirleri ýöne bir wagtyny gowy geçirmek, özüne üns berdirmek üçin duşuşýarlar. Ýöne şu makalada duşuşmak diýlende, başga zat göz öňünde tutulýar. Oglan bilen gyz durmuş gurmak üçin biri-birine gabat gelýändigini ýa-da gelmeýändigini bilmek üçin duşuşmaly. Diýmek, duşuşmagyň maksady bolmaly.
Wagtyň geçmegi bilen, duşuşýanlar bir karara gelmeli: durmuş gurmalymy ýa-da duşuşmagy goýmaly. Duşuşyp başlanyňda iki ýagdaýa-da taýyn bolmaly.
Netije: Eger sen duşuşmaga taýyn diýip pikir edýän bolsaň, onda durmuş gurmaga-da taýyn bolmaly.
Sen duşuşmaga taýynmy?
Duşuşýan adamyň bilen toý etmegiň hem mümkin. Şonuň üçin häsiýetleriň hakda häzirden oýlan. Seniň häsiýetleriň maşgalaňy ýa berkider, ýa dargadar. Şu zatlar barada oýlan:
Maşgalaň bilen gatnaşygyň. Gaharyň gelende ene-ataň, jigi-doganlaryň bilen özüňi nähili alyp barýan bolsaň, ýanýoldaşyň bilen hem özüňi şeýle alyp bararsyň.
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Özüňizden öýke-kinäni, gahar-gazaby, gykylygy, sögünç sözleri hem-de ähli erbetligi aýryň» (Efesliler 4:31).
Özüňe şeýle soraglary ber: «Ene-atam, jigi-doganlarym olara hormat goýýandygymy aýdýarmy? Olar bilen ylalaşmasam, ýagdaýy parahatlyk bilen çözýärinmi ýa-da derrew jedelleşip başlaýaryn?»
Islegiňden geçmek. Maşgala guransoň, sen ýanýoldaşyň halaýan zatlaryny göz öňünde tutup, köplenç öz islegiňden geçmeli bolarsyň.
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» (1 Korinfliler 10:24).
Özüňe şeýle soraglary ber: «Men hemişe öz diýenimi etdirýärinmi? Başgalar meni eglişikli adam hasaplaýarmy? Haýsy ýagdaýlarda başgalaryň islegini özümiňkiden ýokary goýýaryn?»
Pesgöwünlilik. Gowy ýanýoldaş ýalňyşyny boýun alýar we ötünç soraýar.
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» (Ýakup 3:2).
Özüňe şeýle soraglary ber: «Ýalňyşymy derrew boýun alýarynmy ýa-da özümi aklaýarynmy? Maslahat berenlerinde öýkeleýärinmi?»
Pul meselesi. Maşgalada köplenç puluň üstünde dawa turýar. Ýöne puly paýhasly sowsaň, dawaň öňüni alyp bilersiň.
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Eger siz jaý gurmakçy bolsaňyz, ilki çykdajysyny hasaplap, doly gurup biljegiňize göz ýetirmersiňizmi?» (Luka 14:28).
Özüňe şeýle soraglary ber: «Men puly tygşytly sowýarynmy ýa-da köplenç bergi edýärinmi? Puly paýhasly sowýandygymy nädip görkezýärin?»
Hudaý bilen dostlugym. Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Mukaddes Kitaby yzygider öwrenmeli we ýygnaklara gatnaşmaly.
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Matta 5:3).
Özüňe şeýle soraglary ber: «Men Hudaýa imanymy berkitmek üçin tagalla edýärinmi? Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýýarynmy ýa-da başga zatlara köp üns berýärinmi?
Netije: Seniň durmuş gurjak adamyň iň gowy ýanýoldaşa mynasyp. Gowy ýanýoldaş bolmaga jan etseň, özüňe mynasyp ýara duşarsyň.