Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Göwnüçökgünligi nädip ýeňip bilerin?

Göwnüçökgünligi nädip ýeňip bilerin?

 Dogry usullary saýlasaň, göwnüçökgünligi ýeňmäge we özüňi gowy duýmaga kömek eder.

 Sen näme edersiň?

 Aşakda getirilen mysallara seredeli:

 Jenifer hiç zatdan şatlyk tapmaýar. Hiç zat bolmasa-da, ol her gün öz-özünden möňňürip aglaýar. Ol adamlardan gaçýar, işdäsi hem kesildi. Gijelerine ýatmak, pikirini jemlemek oňa kyn düşýär. Jenifer: «Maňa näme bolýarka? Öňkim ýaly bolarynmy?» diýip biynjalyklanýar.

 Mark göreldeli okuwçydy. Indi bolsa mekdebi ýigrenýär, bahalary hem pese düşüp başlady. Onuň gowy görýän sporty bilen meşgullanmaga güýji ýok. Dostlary muňa gaty geň galýarlar. Ene-atasy bolsa alada edýär. Markyň ýagdaýy gowulaşarmy ýa-da bir zatlar etmeli?

 Senem köplenç özüňi Jenifer ýa-da Mark ýaly duýýarsyňmy? Eger şeýle bolsa, sen näme etmeli? Sende iki çykalga bar:

  1.   Şu ýagdaýy özüň ýeňjek bol

  2.   Ynamdar adam bilen gepleş

 Eger sen hiç kim bilen gepleşmek islemeýän bolsaň, onda 1-nji çykalgany saýlajak bolarsyň. Emma bu dogry bolarmy? Mukaddes Ýazgylarda: «Iki adam bir adamdan ýagşydyr... Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur» diýilýär (Wagyz kitaby 4:9, 10).

 Aýdaly, sen şäherde jenaýatyň köp bolýan ýerinde azaşdyň. Garaňky düşdi, her ädimde saňa howp abanýar. Sen näme edersiň? Özüň bir çykalga tapjak bolup jan edersiň. Ýöne ynamdar adama ýüz tutup, ondan kömek sorasaň, paýhasly bolmazmy?

 Göwnüçökgünligi hem şäheriň howply ýerine meňzetse bolýar. Elbetde, wagtlaýyn bolýan gam-gussa öz-özünden geçip biler. Emma uzak dowam etse, kömek sorasaň, gowy bolar.

 MUKADDES ÝAZGYLARDAKY PRINSIP: «Özüni çetde tutýan... ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir» (Süleýmanyň tymsallary 18:1).

 Indi 2-nji çykalga seredeli. Ene-ataň ýa-da uly ýaşly ýakyn dostuň bilen gepleş. Munuň nähili peýdasy bar? Sen nädogry duýgularyny ýeňen adamlaryň tejribesinden köp zat öwrenip bilersiň.

 Mümkin, sen: «Ene-atam meniň nähili duýgulary başdan geçirýändigimi asla bilmeýär!» diýýänsiň. Bu dogrudan-da şeýlemi? Olar seniňki ýaly ýagdaýa düşmedik bolsalar-da, seniňki ýaly duýgulary başdan geçirendir. Diýmek, olar näme etmelidigini gowy bilýär!

 MUKADDES ÝAZGYLARDAKY PRINSIP: «Paýhas garrylarda, düşünje uzak ömürdedir» (Eýýup 12:12).

 Netije: Eger ene-ataň ýa-da uly ýaşly ýakyn dostuň bilen gepleşseň, olar saňa hökman peýdaly maslahat berjek bolar.

Göwnüçökgünlikden ejir çekýäni howply ýerde azaşan adama meňzetse bolýar. Çykalga tapmak üçin kömek soramaly

 Lukmanyň kömegi gerek bolsa näme?

 Eger sen her gün gam-gussa batýan bolsaň, onda göwnüçökgünlikden ejir çekýänsiň we saňa lukmanyň kömegi gerek.

 Ýetginjeklerde göwnüçökgünligiň alamatlary dörände, uly adamlarda bolýan gam-gussany ýatlatsa-da, ol has güýçli we uzak wagt dowam edýär. Şeýle bolanda, lukmana ýüz tutmak üçin ene-ataň bilen gepleşseň, gowy bolmazmy?

 MUKADDES ÝAZGYLARDAKY PRINSIP: «Lukman sag adamlara däl-de, syrkawlara gerekdir» (Matta 9:12).

 Eger sende göwnüçökgünlik keseli anyklanan bolsa, onda utanma. Köp ýetginjeklerde-de şeýle bolýar we muny bejerip bolýar. Hakyky dost sen hakda erbet pikir etmez.

 Maslahat: Sabyrly bol. Bejergi alyp sagalmak üçin wagt gerek bolýar. Gowy we erbet günleriň boljakdygyny unutma a.

 Etmeli zatlaryň

 Eger gam-gussa wagty bilen geçmese, lukmanyň kömegi gerek bolsa-da, bolmasa-da, sen bir zatlar edip bilersiň. Meselem, yzygiderli maşk et, ýokumly iýmitleri iý we gowy ýatyp dynjyňy al. Bu saňa duýgularyňy kadaly ýagdaýda saklamaga kömek eder (Wagyz kitaby 4:6; 1 Timoteos 4:8). Depder ýöretseň hem peýdaly bolar. Oňa duýgularyňy, sagalmak üçin goýan maksatlaryňy, başaran we başarmadyk zatlaryňy ýazyp bilersiň.

 Göwnüçökgünlikden ejir çekýän ýa-da ýöne bir gam-gussa batýan bolsaňam, şuny ýadyňda sakla: Başgalaryň kömegini kabul edip, munuň üçin özüň hem tagalla etseň, bu göreşde ýeňiş gazanyp bilersiň.

 Mukaddes Ýazgylardan kömek etjek aýatlar

  •  «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» (Zebur 34:18).

  •  «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» (Zebur 55:22).

  •  «Hudaýyňyz Men — Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin» (Işaýa 41:13).

  •  «Hiç haçan ertirki günüň aladasyny etmäň» (Matta 6:34).

  •  «Hudaýa... ýalbaryň. Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi... gorar» (Filipililer 4:6, 7).

a Sende janyňa kast etmek ýaly pikirler döreýän bolsa, kömek üçin uly ýaşly ýakyn dostuňa ýüz tut. Has köpräk bilmek üçin 2014-nji ýylyň aprel aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Ýaşaýyş näme üçin gymmatly?» diýen makala seret.