Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ahlaksyz suratly SMS-ler barada nämäni bilmeli?

Ahlaksyz suratly SMS-ler barada nämäni bilmeli?

 Ahlaksyz suratly SMS-ler näme?

 Şeýle SMS-lere el telefony arkaly ahlaksyz suratlary ýa-da wideolary ýollamak degişli. Bu babatda bir adam şeýle diýýär: «Biziň günlerimizde şeýle SMS-ler adaty zada öwrüldi. Başda bir-biriňe ýönekeý, soňra bolsa ahlaksyz SMS-leri ugradyp başlaýarsyň».

 Adamlar şeýle zatlary näme üçin ulanýarka? Käbir ýetginjekleriň muňa nähili garaýandygy barada bir ýurist «Nýu-Ýork Taýms» gazetinde şeýle diýdi: «Eger seniň telefonyňda halaşýan gyzyň ýa-da oglanyň haýasyz suraty bar bolsa, bu seniň ahlaksyz durmuş alyp barýandygyňy görkezýär». Muny ahlaksyzlyk etmegiň howpsuz ýoly hasaplaýan bir ýetginjek gyz şeýle diýdi: «Sen göwreli bolmakdan ýa-da jynsy gatnaşyk arkaly kesel geçer diýip gorkmaýarsyň».

 Emma ýetginjekler başga maksat bilen hem şeýle SMS-leri ulanýar:

  •   Halaşmak isleýän adamyň bilen näz-kereşme etmek.

  •   Ahlaksyz surat iberen adama şeýle suraty ibermek.

 Ol nämä eltip biler?

 Sen el telefony arkaly birine surat iberen bolsaň, indi ol surat seniň ygtyýaryňda däl; ony nädip ulanjakdyklaryny we abraýyňa nähili täsir etjekdigini bilmeýärsiň. Amerikanyň ylmy-barlag merkeziniň agzasy we ahlaksyz suratly SMS-ler baradaky makalanyň awtory Amanda Lenhart şeýle diýdi: «Öňler biriniň nädogry hereketini ýaýratmak we başgalara ony elýeterli etmek şeýle aňsat däldi» («Pew Research Center»).

 Bolan wakalar

  •    Ahlaksyz suratlary alan adam dostlarynyň göwnüni götermek üçin olary ugradýar.

  •    Öň halaşan gyzlaryndan ar almak üçin olaryň haýasyz suratlaryny başgalara ýaýradýar.

 ŞUNY BILÝÄŇMI? El telefony arkaly haýasyz suratlary ibermeklik köplenç çagalary azdyrmak ýa-da çaga pornografiýasyny ýaýratmak bilen deňeşdirilýär. Ahlaksyz suratly SMS-leri ulanýan ýetginjekleriň käbirine hatda jenaýat işi hem gozgaldy.

 Bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

 Mukaddes Ýazgylarda är-aýal gatnaşyklarynyň lezzet berýändigi barada aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 5:18). Emma maşgala gurmankaň, jynsy gatnaşyk etmegi Hudaý gadagan edýär. Gel, Mukaddes Ýazgylardan käbir aýatlara seredeli:

  •    «Araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili hapalygyň ýa-da açgözlügiň ady-da agzalmasyn... Özüňizi utançsyz adamlar ýaly alyp barmaň, boş gürrüňlerden we ýaramaz degişmelerden gaça duruň» (Efesliler 5:3, 4).

  •    «Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» (Koloslylar 3:5).

 Bu aýatlarda diňe bir «ahlaksyzlykdan» (nikadan öňki jynsy gatnaşykdan) däl-de, eýsem, «hapalykdan» (islendik haýasyz işlerden) we «erk edip bolmaýan ahlaksyz isleglerden» (nikada bildirilýän duýgular däl-de, ahlaksyzlyga eltýän höweslerden) gaça durmak maslahat berilýär.

 Özüňe şeýle soraglary ber:

  •    Haýasyz suratlary ýollamak näme üçin «hapalyga» degişli bolýar?

  •    Ahlaksyz suratly SMS-leri ulanmak haýsy manyda «erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri» oýarýar?

  •    Haýasyz suratlary görmek we ýaýratmak näme üçin «erbet höweslere» degişli bolýar?

 Aşakda getirilen aýatlarda şeýle SMS-leri ulanmagyň has-da zyýanlydygy görkezilýär.

  •    «Hudaýyň halaýan adamy bolmak üçin eliňde baryňy et... özüňi utanmaýan işçi hökmünde alyp bar» (2 Timoteos 2:15).

  •    «Siz nähili adamdygyňyz we etmeli işleriňiz barada oýlanmalysyňyz. Hudaýa wepaly bolup, özüňizi mukaddes alyp baryň» (2 Petrus 3:11).

 Bu aýatlardan görnüşi ýaly, ahlak taýdan päkligi saklasak, gowy netije berer. Eger sen özüňi mynasyp alyp barsaň, ökünjek işleri etmersiň (Galatýalylar 6:7).

 Özüňe şeýle soraglary ber:

  •    Men nähili adam?

  •    Birini abraýdan düşürmek isleýärinmi?

  •    Adamyň ýüregine ýara saljak zatlardan lezzet alýarynmy?

  •    Ahlaksyz suratly SMS-leri ulansam, abraýyma nähili täsir eder?

  •    Ene-atam muny bilse, maňa bolan ynamy gaçarmy?

 BOLAN WAKA. «Joram ene-atasyna bildirtmän bir oglan bilen halaşýardy. Olaryň bir-birine haýasyz suratyny iberendigine iki gün geçip-geçmänkä, kakasy onuň el telefonyny barlamakçy boldy we SMS-leri görüp, onuň depe saçy üýşdi. Kakasy gyzy bilen gepleşende, ol ähli zady boýun aldy. Joram eden işine gaty ökünse-de, ene-atasy üçin bu agyr urgy bolup, olaryň ýüregine ýara saldy. Ol ene-atasynyň gözünde ynamdan gaçdy».

 Hakykat. Ahlaksyz suratly SMS-ler olary ugradýan we ýaýradýan adamlary ýoldan çykarýar. Öňki halaşan oglany şunuň ýaly işleri etmäge yran bir ýetginjek gyz şeýle diýýär: «Men eden işim üçin utandym we öz-özümi ýigrendim».

 Ahlaksyz suratly SMS-leri ulansaň, saňa-da, başgalara-da jenaýat işi gozgalýar. Şonuň üçin aşakda getirilen Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerseň, paýhasly bolar:

 Sen näme edersiň?

 Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere şu ýagdaýda eýerjek bol. Janetiň aýdanlaryny okap, ýerlikli hasaplaýan maslahatyňy saýla.

 «Men bir oglan bilen tanyşdym we bir-birimiziň telefon belgilerimizi aldyk. Bir hepde geçip-geçmänkä, ol meniň suwa düşülýän eşikde düşen suratymy ibermegimi sorady». Janet

 Seniň pikiriňçe, Janet näme etmeli? Sen näme edersiň?

  •  A. Sen şeýle pikir edip bilersiň: «Munuň hiç hili erbetligi ýok. Eger bile deňze gitsek, ol barybir meni suwa düşülýän eşikde görer».

  •  B. Sen şeýle pikir edip bilersiň: «Onuň kellesinde näme bardygyny nireden biljek. Gowusy, men başga suratymy iberip, oňa nähili täsir etjekdigini barlap göreýin».

  •  Ç. Sen şeýle pikir edip bilersiň: «Munuň-a niýeti gowy däl. Gowusy, onuň SMS-ni öçüreýin».

 Üçünji pikir has gowy gerek, şeýle dälmi? Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:3).

 Bu testden görnüşi ýaly, dostlaryňy nädogry saýlasaň, ahlaksyz SMS-leri ulanmaga eltýär. Şol sebäpli özüňden: «Dost-ýarlary paýhasly saýlaýarynmy?» diýip sora (Süleýmanyň tymsallary 13:20). Sara atly gyz şeýle diýýär: «Özüni mynasyp alyp barjakdygyna gözüňiz ýetýän adam bilen dostlaşyň». Onuň bilen Deliýa atly gyz hem ylalaşyp, şeýle diýýär: «Käbir joralaryň ahlak kadalaryna eýermäge kömek etmän, gaýtam, olary bozmaga iterýär. Eger olaryň özüni alyp barşy Hudaýyň kanunyny bozsa, onda senem şeýle etmäge höweslendirer. Eýsem, sen şeýle bolmagyny isleýärmiň?!»