Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ejem ýa-da kakam kesellese näme ederin?

Ejem ýa-da kakam kesellese näme ederin?

 Ýaşlaryň köpüsi ene-atasy tä garraýança, olaryň saglygy barada oýlanmaýar.

 Ýetginjek döwrüň ejeň ýa-da kakaň kesellese näme edersiň? Geliň, şeýle kynçylyga uçran iki ýetginjek bilen bolan waka seredeliň.

 Emmalaýin bilen bolan waka

 Ejemiň Ehlers-Danlos diýen keseli bardy. Bu gaty agyr kesel bolany üçin adamyň bogunlaryna, derisine we gan damarlaryna erbet zyýan ýetirýär.

 Bu keseli bejerip bolmaýar; şonuň üçin soňky on ýylyň içinde ejemiň ýagdaýy has-da agyrlaşdy. Onuň gany şeýle bir azalypdy welin, hatda jany howp astyndady. Agyrylaryndan ýaňa ejemiň ýaşasy-da gelmeýärdi.

 Biz tutuş maşgalamyz bilen Ýehowa gulluk edýäris. Dogan-uýalar bize hemişe teselli berýärdi. Meselem, ýaňy-ýakynda meniň bilen ýaşdaş bir uýa bizi söýýändigini we islendik wagt goldamaga taýyndygyny aýdyp, hat ýazdy. Şeýle dost-ýarlarymyň bardygyna örän begenýärin!

 Mukaddes Ýazgylaryň berýän kömegini söz bilen beýan edip bilmeýärin. Meselem, Zebur 34:18-däki we Ýewreýler 13:6-daky sözleri gaty gowy görýärin. Olarda: «(Ýehowa) göwni synyklara ýakyndyr», «Ýehowa meniň kömekçimdir; men gorkmaryn» diýilýär.

 Ikinji aýat maňa hasam ýaraýar. Sebäbi men ejemi ýitirmekden gaty gorkýaryn. Men ony şeýle bir gowy görýän welin, her gün onuň ýanymdadygy üçin Ýehowa şükür edýärin. Bu aýatdaky sözler maňa gelejekde nähili ýagdaý bolaýanda-da, ynamly hem batyrgaý bolmaga kömek edýär.

 Emma men ýene bir zatdan gorkýaryn. EDS keseli nesilden-nesle geçýär. Ejeme bu kesel ejesinden, maňa-da ejemden geçipdi. Hawa, mende-de EDS keseli bar. Ýöne Ýewreýler 13:6-daky sözler Ýehowanyň elmydama «meniň kömekçim» boljakdygyna ynandyrýar.

 Men geçmiş bilen ýaşamaýaryn. Gaýtam, häzir bar zadymy gymmat saýmaga we gelejek barada alada etmezlige çalyşýaryn. Ejemiň öň edip bilýän zatlary bilen häzirki ýagdaýyny deňeşdirenimde, göwnüçökgünlige düşýärin. Mukaddes Ýazgylarda häzirki kynçylyklarymyzy ebedi ýaşaýyşda boljak keselsiz durmuş bilen deňeşdireniňde, onuň «wagtlaýyn we ýeňildigi» aýdylýar (2 Korinfliler 4:17; Ylham 21:1—4).

 Oýlanyp gör: Emmalaýine dogry garaýşy saklamaga näme kömek edýärkä? Kynçylyga uçranyňda, dogry garaýşy saklamaga saňa näme kömek eder?

 Emili bilen bolan waka

 Orta mekdepde okaýan wagtym, kakam birinji gezek göwnüçökgünlige düşüpdi. Şonda ol edil başga adama öwrülen ýaly boldy. Şondan bäri kakam sussupes bolýar, ony birden gorky basýar we köplenç howsala düşýär. Ol 15 ýyl bäri göwnüçökgünlik bilen göreşip gelýär. Kakama sussupesligi ýeňmek agyr düşse-de, ol özüni şeýle erbet duýmaga hiç hili esasyň ýokdugyna düşünýär.

 Biz Ýehowanyň Şaýatlary, ýygnagymyz bizi köp goldaýardy. Imandaşlarymyz biziň ýagdaýymyza düşünip, özlerini mähirli alyp barýardy we olar kakama ýygnakda özüni hiç zat başarmaýan ýaly duýmazlyga kömek etdiler. Kakamyň şeýle kynçylyklara döz gelşini görüp, ony öňküden-de has gowy görýärin.

 Men hiç zady alada etmeýän, ejir çekmeýän, öňki şadyýan kakamy küseýärin. Men kakamyň her gün hyýalynda görünmeýän duşmany bilen göreşýändigine gaty gynanýaryn.

 Şonda-da kakam dogry garaýşyny saklamaga jan edýär. Ýaňy-ýakynda kakamyň ýagdaýy gaty erbetleşdi. Ol şonda-da Mukaddes Ýazgylardan her gün bir-iki aýat okaýardy. Kakam muňa örän ruhlanýardy. Hatda bu ujypsyz ýaly bolup görünse-de, ondan janyna aram tapýardy. Men kakama öňküdenem has-da buýsanýaryn.

 Maňa Nehemýa 8:10-daky: «Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer» diýen sözler gaty ýaraýar. Dogrudanam, göwnüçökgünlige düşenimde, ruhy işlere yhlasly gatnaşsam, ýüregim joşup, maňa güýç-kuwwat berýär we uzakly gün özümi gowy duýýaryn. Kakamyň göreldesi nähili kynçylyga uçrasam-da, hemişe Ýehowanyň goldajakdygyna göz ýetirmäge kömek etdi.

 Oýlanyp gör: Emili ýarawsyz kakasyny nädip goldady? Göwnüçökgünlige düşen adamy sen nädip goldap bilersiň?