Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Zorlanmak barada nämäni bilmeli? II bölüm. Ýürek ýarasyndan saplanmak

Zorlanmak barada nämäni bilmeli? II bölüm. Ýürek ýarasyndan saplanmak

 Özüňi günäkärlemek duýgusyna hötde gelmek

 Zorlanan adamlaryň köpüsi özüňi günäkärlemek duýgusyndan ejir çekýär. Olar bolan zatlarda hatda özüni günäkärleýärler. 19 ýaşly Karen 6 ýaşyndan 13 ýaşyna çenli azgyn adamdan ejir çekýär. Ol şeýle diýýär: «Iň kyn zat — özüňi günäkärlemek duýgusyna hötde gelmek. Men: „Şeýle zada näme üçin uzak wagtlap ýol beripdirin?“ diýip, öz-özümi gynaýaryn».

 Eger sende-de şeýle duýgular döreýän bolsa, şular barada oýlan:

  •   Çagalar jynsy gatnaşyga beden taýdan hem, duýgy taýdan hem taýýar däl. Olaryň bu zatlar hakda hiç hili düşünjesi bolmaýar we öz islegi bilen oňa razylyk bermeýär. Diýmek, bu işde çaganyň asla günäsi ýok.

  •   Adatça, çagalar uly adamlara ynanýarlar, şol sebäpli olaryň duzagyna düşmekleri ähtimal. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Azgyn adamlaryň örän mekir bolýandygy üçin, çagalar olaryň erbet niýetini saýgaryp bilmeýärler» («The Right to Innocence»).

  •   Çaga zorlananda, onuň jynsy höwesleri oýanmagy mümkin. Eger sende-de şeýle höwes dörän bolsa, onda özüňi günäkärleme. Sebäbi şeýle ýagdaýda beden agzalaryňda öz-özünden duýgy döreýär. Bu seniň öz islegiň bilen jynsy gatnaşyk edendigiňi aňlatmaýar.

 Maslahat. Sen azgyn adamdan ejir çeken wagtyň näçe ýaşyňdadyň? Şol ýaşdaky bir çagany göz öňüne getirip, soňra özüňden: «Eger şu çaga azgyn adamyň eline düşse, ony günäkärlemek dogry bolarmy?» diýip sora.

 Karen üç çagasyny synlap otyrka, şu barada oýlanýar. Çagalarynyň biri 6 ýaşyndady. Karen hem şeýle ýaşdaka, azgyn adamyň eline düşüpdi. Ol: «Çaga diýseň ejiz bolýar, menem şol döwür gaty ejizdim» diýýär.

 Delil. Eden jenaýat işi üçin azgyn adamyň özi jogapkär. Mukaddes Ýazgylarda: «Erbet adam erbetliginiň jogabyny alar» diýilýär (Ezekiýel 18:20).

 Ynamdar adama ýüregiňi dökmek

 Bolan wakany uly ýaşly ynamdar dostuňa aýtsaň, ýüregiňde rahatlyk duýarsyň. Mukaddes Ýazgylarda: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

 Elbetde, hiç kime gürrüň bermeseň, dogry bolup görünmegi mümkin. Sen dymsaň, howpy saklaýan diwar ýaly özüňi ejirden gorarsyň. Emma bu «diwar» seni ejirden gorasa-da, adamlaryň kömegini almakdan hem saklap biler.

Dymmak diwary seni ejirden gorasa-da, başgalaryň kömegini almaga päsgel berýär

 23 ýaşly Janet ýüregini dökmek bilen, kalbyna rahatlyk tapandygyny aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýetginjek döwrüm tanaýan we ynamdar adamym maňa azar berýärdi. Köp ýyllap men muny hiç kime gürrüň bermedim. Ýöne soňra ejeme gürrüň berenimde, gerşimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy».

 Geçmişini ýatlap, Janet ýüregini dökmäge nämäniň päsgel berendigine düşünendigini aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Şeýle zady gürrüň bereniňde, özüňi oňaýsyz duýýarsyň. Özüm hakda aýtsam, dymmak gowy çykalga däl eken. Eger bu barada öňräk aýdan bolsam, onda has gowy bolardy».

 «Şypa bermegiň... wagty»

 Bolup geçen ýagdaý adamyň özüne bolan garaýşyny ýoýýar. Meselem, ol özüne kembaha garap, dereksiz duýýar ýa-da özüne başgalaryň jynsy höweslerini kanagatlandyrmak üçin ulanýan zady hökmünde seredýär. Indi ýaramaz duýgulardan saplanyp, özüňe «şypa bermegiň... wagty» gelip ýetdi (Wagyz kitaby 3:3). Bu babatda saňa näme kömek eder?

 Mukaddes Ýazgylary öwrenmek. Mukaddes Ýazgylarda «berk galany ýykmagy» başarýan, ýagny özüňe bolan nädogry garaýşy ýeňmäge kömek edýän Hudaýyň pikirleri bar (2 Korinfliler 10:4, 5). Şu aýatlary oka we olaryň üstünde oýlan: Işaýa 41:10; Ýermeýa 31:3; Malaky 3:16, 17; Luka 12:6, 7; 1 Ýahýa 3:19, 20.

 Doga etmek. Eger özüňi dereksiz ýa-da günäkär duýup başlasaň, doga edip, «ýüküňi Rebbiň üstüne taşla» (Zebur 55:22). Ýehowa hemişe saňa kömek etmäge taýyn!

 Ýygnak ýaşululary. Ýygnak ýaşulularyna tälim berlendigi üçin, olar «ýelden buky, tupandan pena» bolmagy başarýarlar (Işaýa 32:2). Olar saňa özüňe dogry garamaga we günäkärlemek duýgusyndan ejir çekmän ýaşamaga kömek edip biler.

 Gowy dost-ýarlar. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýan dogan-uýalara syn et. Olaryň bir-biri bilen nähili gatnaşyk edýändigine üns ber. Wagtyň geçmegi bilen, sen «gowy görýärin» diýen adamlaryň ählisiniň öz bähbidine çapmaýandygyna göz ýetirersiň.

 18 ýaşly Tanýa munuň dogrudygyna düşündi. Azgyn adamlar çagalykdan ony öz maksady üçin peýdalanypdyrlar. Ol şeýle diýýär: «Men gowy görýän adamlarymyň elinden ejir çekdim». Birnäçe wagtdan ol ýürekden söýmegi başarýan erkek adamlaryň bardygyna düşünýär. Şeýle netijä gelmäge oňa näme kömek etdi?

 Ol Mukaddes Ýazgylaryň prinsipi boýunça ýaşaýan bir är-aýal bilen dostlaşýar. Bu är-aýalyň bir-birine bolan mähirli gatnaşyklary Tanýa garaýşyny üýtgetmäge kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Onuň aýaly bilen özüni nähili alyp barýandygyny görenimde, hemme erkek adamlaryň erbet däldigine düşündim. Hudaýyň niýet edişi ýaly, ol aýaly üçin hakyky goragdy» a (Efesliler 5:28, 29).

a Eger sende agyr göwnüçökgünlikden ejir çekmek, işdäň kesilip, ukyň bozulmak, öz-özüňi ýaralamak, neşe serişdelerini ulanmak ýaly endigiň we janyňa kast etmek pikirleriň bar bolsa, onda lukmana ýüz tutsaň paýhasly bolar.