Esasy materiala geçiň

MAŞGALALARA KÖMEK | NIKA

Pornografiýa görýän adam maşgala ojagyny dargadýar

Pornografiýa görýän adam maşgala ojagyny dargadýar

 Aýaly äriniň gizlinlikde edýän işiniň üstüni açýar. Äri eden işine ökünýär, gaýta-gaýta ötünç soraýar. Indi gaýdyp etmejegine söz berýär, ýöne sözünde durmaýar. Ol özüne erk edip bilmän, erbet endigini ýene-de gaýtalaýar.

 Şu ýagdaý size-de tanyşmy? Eger şeýle bolsa, onda siz pornografiýa görmegiň ýanýoldaşyňyza nähili täsir edýändigini we bu nejis endigi hemişelik goýmak üçin näme etmelidigini bilmeli a.

Şu makalada:

 Siz nämäni bilmeli?

 Pornografiýa maşgalany dargadyp bilýär. Pornografiýa görýän är aýalynyň ýüregine bitmejek ýara salýar we ynamdan gaçýar b.

 Äri pornografiýa görse, aýal özüni şeýle duýup biler:

  •   Biwepalyk edilen ýaly duýmak. Sara atly gelin şeýle diýýär: «Ýanýoldaşym her gezek pornografiýa görende, maňa ikilik eden ýaly boldy».

  •   Özüňi dereksiz duýmak. Bir aýal äriniň nejis endigi sebäpli gaty utanýandygyny aýdýar.

  •   Müňkürlik etmek. Helen atly aýal: «Men ärimiň her bir ädimini yzarlap, hemişe şübhelenip ýörýärin» diýýär.

  •   Howsala düşmek. Ketrin atly gelin şeýle diýýär: «Ärimiň erbet endigi günüme goýanok, men diňe şol hakda oýlanýaryn».

 Oýlanyp görüň: Mukaddes Kitapda ärler aýalyny söýmelidigi aýdylýar (Efesliler 5:25). Eger äriniň endigi sebäpli aýal özüni ýokardaky ýaly duýýan bolsa, onda oňa aýalyny söýýän är diýse bolarmy?

 Siz näme etmeli?

 Pornografiýa görmek endigini goýmak aňsat däl. Steýsi atly gelin şeýle gürrüň berýär: «Ýoldaşym çilimi, neşäni, içgini goýup bildi. Ýöne pornografiýa görmek endigi bilen häzirem göreşýär».

 Eger siziň hem şeýle endigiňiz bar bolsa, aşakdaky maslahatlar ony goýmaga kömek eder:

  •   Pornografiýanyň zyýanlydygyna düşüniň. Pornografiýa diňe özüňi bilmäge iterýär. Ol är-aýalyň arasyndaky söýgini sowadýar, biri-birine bolan ynamyny gowşadýar. Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin bolsa şeýle häsiýetler örän wajyp. Mundan başga-da pornografiýa görýän adam maşgala ojagyny döreden Ýehowa Hudaýa hormat goýmaýandygyny görkezýär.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Goý, hemmeler maşgala ojagyna hormat goýsun» (Ýewreýler 13:4).

  •   Özüňizi aklamaň. «Aýalym maňa has mähirli bolan bolsady, onda men pornografiýa görmezdim» diýmäň. Öz eden işiň üçin aýalyňy günäkerlemek nädogry. Eger aýalyňyzy günäkärlesiňiz, ol göwnüňize degende, ýene-de pornografiýa görersiňiz.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar» (Ýakup 1:14).

  •   Açyk gürleşiň we dogruçyl boluň. Kewin şeýle diýýär: «Her gün aýalym bilen pornografiýa görmäge iterýän zatlary görüp-görmändigim hakda gürleşýärin. Açyk gürrüňdeşlik aýalymyň ynamyny gazanmaga kömek edýär. Aýalymam ondan hiç zat gizlemeýändigimi bilýär».

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ähli zatda dogruçyl bolmak isleýäris» (Ýewreýler 13:18).

  •   Hüşgär boluň. Köp ýyllar geçse-de, goýdum diýen endigiňizi ýene-de gaýtalap bilersiňiz. Kewin sözüni şeýle dowam edýär: «Men on ýyllap pornografiýany görmedim. Şonuň üçin nejis endigimi ýeňendirin öýtdüm. Ýöne men ýalňyşypdyryn. Ol edil amatly pursada garaşyp ýatan wagşy haýwan ýaly birden „topuldy“».

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Kim berk durun öýtse, seresap bolsun, ýykylaýmasyn» (1 Korinfliler 10:12).

  •   Synaga düşeniňizde özüňize erk ediň. Elbetde, siz erbet höwesleriňizi doly aýryp bilmersiňiz, ýöne siz özüňize erk edip bilersiňiz. Eger pikiriňizi peýdaly bir zada sowsaňyz, erbet höwesiňize garşy durarsyňyz.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Siz mukaddes bolup, özüňize nädip erk etmelidigini we Hudaýy razy edip ýaşamalydygyny bilmelisiňiz... ahlaksyz islegleriňizi kanagatlandyrjak bolmaň» (1 Selanikliler 4:4, 5).

  •   Pornografiýa görmäge iterýän ýagdaýlardan gaça duruň. Bir kitapda aýdylmagyna görä, eger siz şeýle ýagdaýa düşseňiz, otly çöp ýakan ýaly bolýarsyňyz. Oduň tutaşmagy üçin diňe ýangyç sepäýmek galýar («Willpowercs Not Enough»).

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Erbetlik içimde höküm sürmesin» (Zebur 119:133).

  •   Umydyňyzy üzmäň. Käte ýanýoldaşyň ynamyny gazanmak üçin ýyllar gerek bolýar. Ýöne tagalla edeniňe degýär!

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Söýgi sabyrlydyr» (1 Korinfliler 13:4).

a Makalada pornografiýa görýän ärler hakda aýdylsa-da, berilýän maslahatlar pornografiýa görýän aýallara hem kömek edip biler.

b Käbir är-aýallar bilelikde pornografiýa görseler, maşgalasyny berkider diýip pikir edýärler. Emma şeýle etmek Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelýär (Nakyllar 5:15—20; 1 Korinfliler 13:4, 5; Galatýalylar 5:22, 23).