MUKADDES KITAPDAN SÖHBETDEŞLIGIŇ GEÇIRILIŞI
«Ebedi ýaşaň!»
Mukaddes Kitapdan sapak geçeniňizde şu soraglaryň jogabyny bilersiňiz:
Men nädip bagtly bolup bilerin?
Kynçylyklaryň, zorluk-sütemiň soňy gelermi?
Aradan çykan dogan-garyndaşlarymy ýene-de görüp bilerinmi?
Hudaý çekýän derdimi görýärmi?
Hudaý dileglerimi eşider ýaly nädip doga etmeli?
Mugt
Sapak geçmek üçin pul alynmaýar. Mukaddes Kitap bilen «Ebedi ýaşaň!» kitaby mugt berilýär.
Özüňiz saýlaň
Mugallym bilen sapak geçmek üçin islän wagtyňyz, islän ýeriňizde görşüp bilersiňiz.
Hiç kim mejbur etmeýär
Halamasaňyz, sapagy islendik wagt goýbolsun edip bilersiňiz.
Sapaklar nädip geçirilýär?
Mugallym sapagy tema boýunça geçer. «Ebedi ýaşaň!» kitapdan sapak geçeniňizde Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri, wakalary, peýdaly maslahatlary öwrenersiňiz. Köpräk bilmek üçin sapagyň geçirilişi baradaky wideony görüň ýa-da köplenç berilýän soraglaryň jogaplaryny okaň.