Ölümden gorkyny nädip ýeňip bolýar?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Ölüm ynsanyň duşmany. Şol sebäpli ölümden gorkmak we ýaşaýşyňy goramak tebigy zat (1 Korinfliler 15:26). Emma ýalan taglymatlara we yrymlara esaslanan ölüm gorkusy adamlary «bütin ömrüne» ýesirlikde saklap gelýär (Ýewreýler 2:15). Eger adam hakykaty bilse, şatlygyňy alýan ölüm gorkusyndan azat bolýar (Ýahýa 8:32).
Ölüm baradaky hakykat
Ölüler hiç zat bilmeýärler we duýmaýarlar (Zebur 146:4). Mukaddes Kitapda ölüm uky bilen deňeşdirilýär. Şol sebäpli ölümden we ondan soň jebir-jepa bolar öýdüp gorkmak gerek däl (Zebur 13:3; Ýahýa 11:11—14).
Ölüler bize zyýan ýetirip bilmeýär. Hatda iň gorkuly duşmanymyz hem ölenden soň, güýçsüz bolup galýar. Mukaddes Kitapda: «Olaryň söýgüsi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr» diýilýär (Nesihat 9:6).
Ölüm ýaşaýşyň hemişelik tamamlanandygyny aňlatmaýar. Sebäbi Hudaý ölen adamlary direldip, olara ýaşaýşyny gaýtaryp berer (Ýahýa 5:28, 29; Resullar 24:15).
Hudaý gelejekde ölümsiz ýaşaýşyň boljakdygyny wada berýär (Ylham 21:4). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, şonda «dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29).