Dünýäniň soňy haçan geler?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini bilmek üçin, Mukaddes Kitapda «dünýä» diýlende nämäniň göz öňünde tutulýandygyna düşünmeli. «Kosmos» diýen grek sözi «dünýä» diýlip terjime edilip, köplenç dünýädäki, esasan-da, Hudaýyň islegi boýunça ýaşamaýan adamlary aňladýar (Ýahýa 15:18, 19; 2 Petrus 2:5). Käte bolsa bu söz adamzat jemgyýetine degişli ulanylýar (1 Korinfliler 7:31; 1 Ýahýa 2:15, 16). a
«Dünýäniň soňy» näme?
«Dünýäniň soňy» diýen jümle Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde duş gelýär we käte «dünýäniň ahyry» diýip hem terjime edilýär (Matta 24:3). Bu jümle ýer ýüzüniň ýa-da ähli adamzadyň ýok ediljekdigini däl-de, häzirki ynsan jemgyýetiniň soňunyň geljekdigini görkezýär (1 Ýahýa 2:17).
Mukaddes Kitapda gowy adamlaryň ýer ýüzünde bagtly ýaşamagy üçin «ýaman iş edýänleriň» ýok ediljekdigi aýdylýar (Zebur 37:9—11). Bu «agyr muşakgadyň» soňky tapgyrynda, ýagny Armageddon urşunda ýerine ýeter (Matta 24:21, 22; Ylham 16:14, 16).
Dünýäniň soňy haçan geler?
Isa: «Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, muny diňe Ata bilýändir» diýdi (Matta 24:36, 42). Şeýle-de Isa: «Siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» diýende, onuň duýdansyz boljakdygyny görkezdi (Matta 24:44).
Biz şol güni we sagady anyk bilmesek-de, Isa dünýäniň soňuny görkezýän «alamat» ýa-da wakalar barada aýtdy (Matta 24:3, 7—14). Mukaddes Kitapda bu döwre «ahyrzaman», «dünýäniň soňy» we «soňky günler» diýilýär (Danyýar 12:4; 2 Timoteos 3:1—5).
Dünýäniň soňy gelensoň bir zatlar galarmy?
Hawa. Ýer ýüzi ýok edilmez. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Ol hiç haçan gymyldamaz» diýilýär (Zebur 104:5). Şeýle-de Mukaddes Kitapda: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýip wada berlişi ýaly, ýer ýüzi adamdan dolar (Zebur 37:29). Hudaý ilkibaşdaky niýetine laýyk şertleri döreder:
Jennet bolar (Işaýa 35:1; Luka 23:43).
Howpsuzlyk we abadançylyk bolar (Mika 4:4).
Peýdaly we lezzet berýän iş bolar(Işaýa 65:21—23).
Keselçilik we garrylyk bolmaz (Eýýup 33:25; Işaýa 33:24).
a «Aion» diýen grek sözi hem Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde «dünýä» diýip terjime edilen. «Aion» hem «kosmos» sözi bilen birmeňzeş manyny aňladyp, adamzat jemgyýeti göz öňünde tutulýar.