Esasy materiala geçiň

Hudaý menden näme isleýär?

Hudaý menden näme isleýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hudaý biziň özüni tanamagymyzy, dostlaşmagymyzy we bütin ýüregimiz bilen ony söýüp gulluk etmegimizi isleýär (Matta 22:37, 38; Ýakup 4:8). Isa pygamberiň durmuşy we öwreden zatlary arkaly biz Hudaýyň islegini nädip berjaý etmelidigini öwrenip bileris (Ýahýa 7:16, 17). Ol Hudaýyň islegi barada ýöne bir aýtman, eýsem, ony berjaý edýärdi. Isa: «Men... öz islegimi däl-de, meni ibereniň islegini berjaý etmäge geldim» diýip, ýere näme maksat bilen gelendigini aýtdy (Ýahýa 6:38).

Hudaýyň menden näme isleýändigini bilmek üçin maňa ýörite alamat, gudrat ýa-da çakylyk gerekmi?

 Ýok, sebäbi Mukaddes Kitapda Hudaýyň adamlardan näme isleýändigi baradaky habary bar. Ol adamy «her bir ýagşy işe doly taýýarlaýandyr» (2 Timoteos 3:16, 17). Hudaý Mukaddes Kitaby we «pikirlenmek ukybymyzy» ulanyp, öz islegi barada öwrenmegimizi isleýär (Rimliler 12:1, 2; Efesliler 5:17).

Men Hudaýyň islegini berjaý edip bilerinmi?

 Hawa, biz Hudaýyň islegini berjaý edip bileris. Mukaddes Kitapda: «Onuň tabşyryklary bolsa agyr däldir» diýilýär (1 Ýahýa 5:3). Bu Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmagyň hemişe aňsatdygyny aňlatmaýar. Ýöne aljak bereketlerimiz eden tagallamyza deger. Isa «Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler bagtlydyr!» diýdi (Luka 11:28).