Näme üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hudaýa ýakynlaşmak üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli. Sebäbi bu Hudaýy razy etmegiň ýeke-täk ýoly. Isa: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn. Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 14:6). Şeýle-de ol wepaly şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, meniň adym bilen Atamdan näme sorasaňyz, ol size berer» diýdi (Ýahýa 16:23).
Isanyň ady arkaly dileg etmegiň sebäpleri:
Biz Isa we Atasy Ýehowa Hudaýa hormat goýýandygymyzy görkezýäris (Filipililer 2:9—11).
Hudaýyň ogly Isany biziň halas bolmagymyz üçin gurban berendigini gymmat saýýarys (Matta 20:28; Resullar 4:12).
Biz Isany Hudaý bilen adamlaryň arasyndaky Töwellaçy hökmünde kabul edýäris (Ýewreýler 7:25).
Baş Ruhany hökmünde Hudaýyň göwnünden turmaga kömek edýändigi üçin Isa hormat goýýarys (Ýewreýler 4:14—16).