Esasy materiala geçiň

Mukaddeslere doga etsem bolýarmy?

Mukaddeslere doga etsem bolýarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ýok. Mukaddes Kitapda Isanyň ady arkaly diňe Hudaýa doga etmelidigi aýdylýar. Isa şägirtlerine: «Siz şeýle doga ediň: „Eý gökdäki Atamyz, goý, seniň adyň mukaddes bolsun“» diýdi (Matta 6:9). Ol şägirtlerine Hudaýdan başga hiç kime, ýagny mukaddeslere, perişdelere ýa-da başga bir zada doga etmelidigini öwretmedi.

 Şeýle-de Isa şägirtlerine: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn. Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 14:6). Hudaý araçy edip diňe Isany belledi (Ýewreýler 7:25).

Hem Hudaýa, hem mukaddeslere doga etsem bolmaýarmy?

 Ysraýyllylara berlen on tabşyrykda: «Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn» diýilýär (2 Musa 20:5). Ol haýsy manyda «gabanjaň»? Mukaddes Kitabyň bir terjimesinde Hudaýyň özüne «ýürekden wepaly bolmagy talap edýändigi» aýdylýar («New American Bible», çykgyt). Hudaý diňe özüne sežde etmegi ýa-da wepaly bolmagy, şol sanda diňe özüne doga edilmegini talap edýär (Işaýa 48:11).

 Hudaýdan başga birine, hatda mukaddeslere ýa-da perişdelere doga-dileg etsek, ony gynandyrarys. Ýahýa resul perişdä sežde etjek bolanda, perişde ony saklap: «Beýle zat etme! Hudaýa sežde et! Menem seniň we Isa hakda şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly bir gulduryn» diýdi (Ylham 19:10).