Näme üçin doga etmeli? Hudaý dogalaryma jogap berermi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Elbetde, jogap berer. Mukaddes Kitabam, durmuşdaky wakalaram Hudaýyň edýän dogalarymyza jogap berýändigini görkezýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ol (Hudaý) Özünden gorkýanlaryň islegini kanagatlandyrýandyr, olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar» (Zebur 145:19). Ýöne Hudaýyň dogalarymyza jogap bermegi köplenç özümize bagly.
Hudaý üçin näme wajyp?
Biz Isa, öwlüýälere, mukaddeslere, perişdelere ýa-da şekillere däl-de, Hudaýa doga etmeli. Diňe Ýehowa Hudaý «dogalary eşidýär» (Zebur 65:2).
Hudaýyň islegine we Mukaddes Kitapdaky talaplaryna laýyk gelýän zatlar barada doga etmeli (1 Ýahýa 5:14).
Isanyň tutýan ornuna düşünip, onuň ady bilen doga etmeli. Sebäbi Isa pygamber: «Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 14:6).
Hudaýyň dogalarymyzy diňlejekdigine iman etmeli. Gerek bolsa, imanymyzyň has-da berkemegini hem diläp bileris (Matta 21:22; Luka 17:5).
Pesgöwünli we dogruçyl bolmaly. Mukaddes Kitapda: «Reb belent hem bolsa, pes göwünlilere nazar salýandyr» diýilýär (Zebur 138:6).
Tutanýerli bolmaly. Isa pygamber: «Dilemegiňizi dowam ediň, size berler» diýdi (Luka 11:9).
Hudaý üçin näme wajyp däl?
Milletimiz ýa-da medeniýetimiz. «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar... Ol özünden gorkýan we dogrulyk edýän islendik halkdan bolan adamy kabul edýändir» (Resullar 10:34, 35).
Nähili ýagdaýda durandygymyz. Biz Hudaýa oturyp, başymyzy egip, dyza çöküp ýa-da dik durup doga edip bilýäris (1 Taryh 17:16; Nehemýa 8:6; Danyýar 6:10; Markus 11:25).
Sesli ýa-da içimizden doga edip bileris. Hudaý başgalara bildirmän, hatda içimizden edýän dogalarymyza-da jogap berýär (Nehemýa 2:1—6).
Aladalarymyzyň çekip-çydardan agyrdygy ýa-da däldigi. Hudaý ähli ýükümizi onuň üstüne atmagymyzy isleýär, sebäbi ol biziň aladamyzy edýändir (1 Petrus 5:7).