Mukaddes Kitapda nikadan geçmän ýaşaşmak barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Hudaý adamlaryň «ahlaksyzlykdan uzakda durmagyny» isleýär (1 Selanikliler 4:3). Mukaddes Kitapdaky «ahlaksyzlyk» diýen söz ikilik etmegi, erkek bilen erkegiň arasyndaky jynsy gatnaşygy we nikadan geçmän jynsy gatnaşyk etmegi aňladýar.
Nikadan geçmän ýaşaşmagy Hudaý oňlaýarmy?
Ilkinji maşgalany Hudaý döretdi. Ol Adam ata bilen How enäni nikalaşdyrdy (1 Musa 2:22—24). Hudaý är-aýalyň nikadan geçmän ýaşamagyny islemeýär.
Hudaý adamlara nämäniň peýdaly boljakdygyny gowy bilýär. Ol är-aýalyň ikisine-de peýda berer ýaly, maşgalasyny gorar ýaly, nikasynyň ömürlik bolmagyny isledi. Muny şeýle mysal bilen deňeşdirse bolýar. Islendik mebeli görkezmesi boýunça dogry düzüp bolýar. Edil şonuň ýaly, Hudaýyň görkezmesi bilen bagtly hem agzybir maşgala gurup bolýar. Hudaý bize hemişe peýdaly zatlary öwredýär (Işaýa 48:17, 18).
Durmuş gurman jynsy gatnaşyk etmek gowulygyň üstünden eltmeýär. Meselem, şeýle adamlar islenilmeýän göwrelilikden, jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesellerden, duýgy taýdan ejir çekýär.
Hudaý är-aýalyň jynsy gatnaşykda bolup, çaga dünýä indermegini isledi. Hudaý üçin ýaşaýyş mukaddes. Çaga dogurmak — Allanyň sowgady. Hudaý biziň şol sowgadynyň gadyryny bilmegimizi we nika hormat goýmagymyzy isleýär (Ýewreýler 13:4).
Gabat gelýän-gelmeýäniňi bilmek üçin ýaşaşyp görmek hökmanmy?
Nikadan geçmän ýaşaşyp, bagtly maşgala gurup bolmaýar. Biri-birine wepaly bolup, kynçylyklaryny bile ýeňip geçýän adamlaryň dostlugy berk bolýar, agzybir ýaşaýar a. Är-aýalyň birek-birege beren sözi maşgalany bagtly edýär (Matta 19:6).
Maşgala bozulmaz ýaly näme etmeli?
Elbetde, her bir maşgalada kynçylyk bolýar. Ýöne är-aýal Mukaddes Kitabyň maslahatlary boýunça ýaşasa, maşgalasy agzybir we bagtly bolar. Munuň üçin olar şu maslahatlara eýerip biler:
Ýanýoldaşyňyzyň islegini ýokary tutuň (1 Korinfliler 7:3—5; Filipililer 2:3, 4).
Birek-biregi söýüp, hormat goýuň (Efesliler 5:25, 33).
Bir zat aýtmazdan öň oýlanyň (Nakyllar 12:18).
Sabyrly boluň we derrew bagyşlaň (Koloslylar 3:13, 14).
a «Maşgalany bagtly edýän 12 maslahat. Wepalylyk» diýen makala serediň.