Täzeden dogulmak nämäni aňladýar?
Mukaddes Kitabyň jogaby
«Täzeden dogulmak» diýen jümle adamyň Hudaý bilen täze dostlukly gatnaşygyny aňladýar (Ýahýa 3:3, 7). Hudaý täzeden doglan adamlary çagalary hasaplaýar (Rimliler 8:15, 16; Galatýalylar 4:5; 1 Ýahýa 3:1). Muny çagalyga alynmak bilen deňeşdirse bolýar. Sebäbi olaryň ýagdaýy özgerip, Hudaýyň maşgalasyna degişli bolýar (2 Korinfliler 6:18).
Adam näme üçin täzeden dogulýar?
Isa: «Täzeden dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» diýdi (Ýahýa 3:3). Görşümiz ýaly, täzeden doglan adam Mesih bilen Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürmäge taýýarlanýar. Bu Patyşalyk gökden höküm sürýär. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň aýtmagyna görä, «täzeden dogulmak» «gökde saklanýan» sylagy miras almakdyr (1 Petrus 1:3, 4). Täzeden dogulýan adamlar «patyşalar bolup», Mesih bilen höküm sürjekdiklerine doly ynanýarlar (2 Timoteos 2:12; 2 Korinfliler 1:21, 22).
Adam nädip täzeden dogulýar?
Isa täzeden dogulmak barada gürrüň edende, «suwdan we ruhdan doguljak» adamlar barada aýtdy (Ýahýa 3:5, çykgyt). Bu sözler adamyň başda suw bilen, soňra bolsa mukaddes ruh arkaly çümdürilýändigini görkezýär (Resullar 1:5; 2:1—4).
Isa täzeden doglanlaryň ilkinjisidi. Ol Iordan derýasynda suwa çümdürildi, soňra Hudaý ony mukaddes ruh bilen mesh etdi, ýagny belledi. Şeýdip, Isa mukaddes ruh arkaly Hudaýyň ogly bolup täzeden doguldy we oňa gökdäki ýaşaýşa dolanmaga umyt berildi (Markus 1:9—11). Hudaý Isany ruhy şahsyýet edip direldende, ol umydyna ýetdi (Resullar 13:33).
Täzeden doglan başga adamlar hem Hudaýyň mukaddes ruhuny almazdan öň suwa çümdürildiler a (Resullar 2:38, 41). Şeýdip, olarda hem gökde ýaşamaga umyt döredi. Hudaý olary gökdäki ýaşaýyş üçin direldende, olar hem umydyna ýeter (1 Korinfliler 15:42—49).
Täzeden dogulmak baradaky nädogry düşünjeler
Nädogry düşünje: Adam halas bolmak ýa-da mesihçi bolmak üçin täzeden dogulmaly.
Delil: Mesihiň töleg gurbany arkaly diňe bir täzeden doglanlar, ýagny onuň bilen gökde höküm sürjek adamlar däl, eýsem, Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde ýaşajak raýatlary-da halas bolar (1 Ýahýa 2:1, 2; Ylham 5:9, 10). Ikinji topara degişli mesihçiler ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Zebur 37:29; Matta 6:9, 10; Ylham 21:1—5).
Nädogry düşünje: Täzeden dogulmalymy ýa-da ýok, muny her kimiň adamyň özi çözýär.
Delil: Hudaý bilen dostlaşmak we halas bolmak mümkinçiligi hemmelere berilýär (1 Timoteos 2:3, 4; Ýakup 4:8). Ýöne kimiň täzeden doguljakdygyny ýa-da mukaddes ruh arkaly mesh ediljekdigini Hudaý çözýär. Mukaddes Kitaba görä, täzeden dogulmak «(adamyň) islegine ýa-da tagallasyna däl-de, rehimdar Hudaýa bagly» (Rimliler 9:16). Täzeden dogulmak diýen jümle «gökden dogulmak» diýen manyny hem berýär. Bu bolsa täzeden dogulýan adamlary gökden, ýagny Hudaý tarapyndan saýlanýandygyny tassyklaýar (Ýahýa 3:3, çykgyt).
a Diňe Kornelius we onuň öý-içerisi başda mukaddes ruh alyp, soňra suwa çümdürilipdi (Resullar 10:44—48).